
“Köpetdag” Dmitriý Koržy AFK kubogy ugrundaky ýaryşda toparyň täze baş tälimçisi hökmünde resmi taýdan yglan etdi. Bu barada Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Dmitriý Mihaýlowiç Korž 1971-nji ýylda doguldy. Ol Aşgabadyň “Köpetdagynda” 1989-njy ýyldan 1992-nji ýyla çenli (SSSR çempionatynyň ikinji ligasynda) we 1992-nji ýyldan 1995-nji ýyla çenli Türkmenistanyň çempionatynda oýnady.
Korž 1996-njy ýyl möwsümini Russiýada geçirdi. Ol “Uralan” we “Lokomotiw” (Çita) toparlarynyň düzüminde birinji ligada oýnady.
Soňra “Nisa” klubunda (Aşgabat) oýnap, Türkmenistanyň çempiony boldy. 1999-njy ýylyň güýzünde Ukrainada “Elektron” (Romny) we “Neftýanik-Ukrnafta”-da oýnady. 2000-nji ýyldan başlap, ýene Türkmenistana dolandy we “Nisa” hem-de “Köpetdagda” çykyş etdi.
Korž 1994-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň soňky ýaryşyna gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndysynda oýnady. Karýerasyny tamamlandan soň, ýurdumyzyň dürli futbol klublarynda tälimçi bolup işledi.
AFK Kubogy — 2022-niň “E” toparçasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde “Köpetdag” — “Hujand” duşuşygynyň ertir, 24-nji iýunda Dolon Omurzakow adyndaky stadionda geçiriljekdigini ýatladýarys. Oýun Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlar.