https://turkmensport.com/habarlar/adam-traore-wulwerhemptona-dolanyp-geldi/tzP6FS6MfHrT5Ae.jpg

26 ýaşly ispan oýunçysy Adama Traore kärende şertnamasy gutarandan soň “Wulwerhemptona” gaýdyp geldi. Ol 2021/2022-nji ýyl möwsüminiň ikinji ýarymynda “Barselonada” oýnapdy. Onuň dolanyp gelendigi barada iňlis klubunyň Twitterinde habar berildi.

Kataloniýalylarda oýunçyny 30 million ýewro satyn almak hukugy bardy. Ýöne topar ol mümkinçilikden peýdalanmazlyk barada karara geldi. 

Katalon klubunda 16 oýunda meýdança çykan Traore dört asist berdi. 

Oýunçynyň iňlis kluby bilen şertnamasy 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder we onuň transfer tölegi 20 million ýewro diýlip çaklanylýar.