
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň basketbol boýunça erkekler ýygyndysyna Halkara basketbol federasiýasy tarapyndan düzülýän reýting-sanawynyň birinji ornundaky taryhy ýerini ýitirmek howpy abanýar.
Ýakynda Ýewropanyň çempiony bolan Ispaniýanyň ýygyndysy öňdebaryjy bilen aralygy juda ýygyrdy. Hatda häzir iki ýygyndynyň arasynda bary-ýogy 2 utuklyk tapawut galdy.
ABŞ-nyň ýygyndysynyň bu reýting döredilen gününden bäri birinji orundan düşmän gelýändigini ýatladýarys. Reýtingde taryhdaky ilkinji özgerişligiň 2023-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatyndan soň bolmagy ahmal.
Sanawda ilkinji 10-luk aşakdaky ýaly:
1. ABŞ - 760,7 utuk
2. Ispaniýa - 758,9.
3. Awstraliýa - 741,1.
4. Argentina - 736,1.
5. Fransiýa - 712,9.
6. Serbiýa - 711,5.
7. Sloweniýa - 703,5.
8. Litwa - 673,7.
9. Gresiýa - 670,8.
10. Italiýa - 647,6.