https://turkmensport.com/habarlar/abramowic-celsini-satdy/LF9uye5beO3Yplw.jpg

Londonyň “Çelsi” futbol klubuny satmak baradaky şertnama resmi taýdan ýapyldy. Bu barada “РИА Новости” iňlis hökümetine salgylanyp habar berýär.

Russiýaly milliarder Roman Abramowiçiň eýeçiligindäki iňlis topary, amerikaly telekeçi Todd Boeliniň konsorsiumyna satyldy. Mundan ozal geleşigiň mukdarynyň 5,33 milliard dollardygy habar berildi.

Abramowiç “Çelsini” 2003-nji ýylda satyn alypdy. Bu döwürde klub bäş gezek Angliýanyň çempiony boldy, şeýle-de, Çempionlar we Ýewropa ligasynda ýeňiş gazandy.

Surat: sport-express