https://turkmensport.com/habarlar/99-oyunda-100-gol/VC3DxslkSUbxgKc.jpg

“Mançester Siti”-niň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holland APL-iň soňky 5 oýnunda hem yzygiderli gol geçirmegi başardy.

Ähli ýaryşlary alanyňda, ezber hüjümçi 7 oýun bäri tapawutlanyp gelýär. Bu oýunçynyň gol geçirmek ukybynyň barlygy, hiç kim üçin täzelik bolmasa gerek?! Ýöne onuň şeýle ýokary depgin bilen tapawutlanmagy haýran galdyrýar.

Holland Angliýanyň Premýer ligasynda 7 oýunda 11 gol geçirdi. Mundan başga-da, Çempionlar ligasynyň 2 oýnunda 3 gol geçirmegiň hötdesinden geldi.

Statistiki görkezijilere seredenimizde, soňky ýyllarda Hollandyň görkezýän netijesi ynanar ýaly hem däl. 2020-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, ýagny norwegiýaly hüjümçiniň “Borussiýa” toparyna geçen döwründen alanymyzda, oýunçy häzirki güne çenli 99 oýunda 100 gol geçirmegi başarypdyr. Hawa, her oýunda bu hüjümçi azyndan 1 gol geçirýär.

Geljekde futbol äleminde dürli rekordlaryň eýesi boljak norwegiýaly hüjümçi ussat tälimçi Pep Guardiolanyň elinde gün geçdigiçe kämilleşýär. Holland şeýle depginler bilen gol geçirmegi dowam etse, onda ol tiz wagtdan birnäçe rekordlary täzeläp biler. Dünýäniň iň kyn bolan ligasynda şeýle netijäni görkezmek, diňe saýlanan zehinli oýunçylara başardandyr.