https://turkmensport.com/habarlar/39-yasly-goragcy-yene-milli-yygyndyda/atPBf1bsZ3Nj3BY.jpg

«Barselonanyň» 39 ýaşly goragçysy Dani Alwes Braziliýanyň futbol ýygyndysynyň iýun aýynda geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklaryna çagyryldy.

Şeýlelikde, goragçy «Barselona» gaýdyp gelensoň, eýýäm üçünji gezek milli ýygynda çagyrylýar. Ol 2-nji iýunda Seul şäherinde Koreýa Respublikasy, 6-njy iýunda Tokioda Ýaponiýa bilen boljak ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşar.

«Barselonanyň» goragçysynyň Braziliýanyň ýygyndysynda "Katar ― 2022"-niň saýlama tapgyryndaky soňky iki duşuşygynda-da oýnandygyny ýatladýarys. Braziliýa öňümizdäki gyşda geçiriljek Mundialyň «G» toparçasynda Serbiýa, Şweýsariýa we Kamerun bilen bäsleşer.

Ýeri gelende aýtsak, 39 ýaşly goragçy tamamlanyp barýan möwsümde «Barselonanyň» düzüminde 14 duşuşyga gatnaşdy. Dani Alwes şol duşuşyklarda bir gezek tapawutlanyp, 4 goluňam ýardam pasyny berdi.

Çeşme: sport.kg