https://turkmensport.com/habarlar/25-yasly-hujumci-915-million-dollar-aylykly-sertnama-baglasdy/G8a0QQ41lMH83lx.jpg

«Aýlenders» Metýu Barzeliň şertnamasyny 8 ýyl uzaltdy.

Täze şertnama boýunça 25 ýaşly hüjümçiniň ortaça ýyllyk aýlygy 9,15 million dollar bolar.

Täze şertnama bir ýyldan güýje girer. Kanadaly hokkeýçiniň 7 million dollar aýlykly häzirki şertnamasy 2022/23-nji ýyl möwsüminiň ahyryna çenli dowam edýär.

Geçen möwsüm Barzel 73 NHL adaty möwsüm oýunlarynda 59 (15+44) utuk gazandy.

Hüjümçi jemi ligadaky 362 oýunda 311 (91+220) utuk gazandy.