https://turkmensport.com/habarlar/2022-nji-yylda-in-kop-gazanan-bas-tennisci/U4q3tFNk9Pogqmv.jpg

Zenanlaryň we erkekleriň arasynda reýtingiň birinji basgançagyny eýeleýän tennisçiler Iga Swýontek bilen Karlos Alkaras - dünýä boýunça şu möwsümde iň köp girdeji alan tennisçilerdir.

21 ýaşly polşaly zenan tennisçi möwsümde gatnaşan ýaryşlaryndan 9, 217, 225 million dollar gazandy. Ikinji orundaky ispaniýaly tennisçi Karlos Alkarasyň girdejisi 7, 364, 216 million dollara ýetdi.

Üçünji orunda «Uly tuwulgalaryň» 22 gezek çempiony bolan Rafael Nadal bar. Onuň möwsümde häzire çenli gazanan puly 6, 698, 581 million dollar boldy. Sanawyň dördünji ornunda gresiýaly tennisçi, «Roland Garros-2021»-iň finalçysy Stefanos Sisipas bar. Onuň diňe 2022-nji ýylda gazanan puly 4, 245, 609 million dollara ýetýär. Ilkinji bäşligi dünýäniň ozalky birinji raketkasy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç jemleýär. Ol şu ýyl 4, 239, 527 million dollar gazandy. Bu maglumatlary «Eurosport.it» «Twitterdäki» hasaby arkaly paýlaşdy.

Ýakynda "US Open"-iň Iga Swýontegiň we Karlos Alkarasyň ýeňşi bilen tamamlanandygyny ýatladýarys. Polşaly tennisçi zenan finalda tunisli garşydaşy Ons Jaberden, ispaniýaly tennisçi bolsa norwegiýaly Kasper Ruuddan üstün çykdy.